Edebiýat sapagynda okuwçylaryň estetik endigini ösdürmek

Содержание

Слайд 2

Gurbanguly Berdimuhamedow: -Türkmen halky ýüzýyllyklaryň dowamynda adamzat siwilizasiýasyna uly goşantlary goşup,

Gurbanguly Berdimuhamedow:
-Türkmen halky ýüzýyllyklaryň dowamynda adamzat siwilizasiýasyna uly goşantlary goşup, astronomiýa

, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil ýaly ylymlarynyň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýetendir.
Слайд 3

Meýilnama: 1. Mekdepde edebiýaty okatmagyň maksady we wezipesi. 2. Edebiýat sapagynda

Meýilnama:
1. Mekdepde edebiýaty okatmagyň maksady we wezipesi.
2. Edebiýat sapagynda estetik endigi

kemala getirmek.
3. Okuwçylarda estetik endigi ösdürmegiň ýollary.
Слайд 4

Mekdepde edebiýaty okatmagyň maksady we wezipesi Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji

Mekdepde edebiýaty okatmagyň maksady we wezipesi
Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji

ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda" Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda 2013-2014-nji okuw ýylyndan Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçildi.
Orta mekdepleriň 4-9-njy synplarynda edebiýat dersine hepdede 3 sagat, 10-11-nji synplarda hepdede 2 sagat, ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly 10-njy synpda hepdede 3 sagat berilýär.
Edebiýat dersinde mekdep okuwçylaryna:
1) türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş ýagdaýynyň obýektiw kanunlaryny, esasy ösüş döwürlerini, edebiýatyň özboluşly aýratynlygyny;
2) edebi eseriň many-çeperçilik, keşpleriň tipiklik, kompozisiýa, sýužet we dil aýratynlyklaryny;
3) halkyň ösüş taryhynda edebiýatyň ýerine ýetirýän hyzmatyny;
Слайд 5

4) edebiýatyň halkylyk ýörelgesini, döredijiligiň ugurlaryny: realizm we milli görnüşliligini; 5)

4) edebiýatyň halkylyk ýörelgesini, döredijiligiň ugurlaryny: realizm we milli görnüşliligini;
5) türkmen

edebiýatynyň ähmiýeti we onuň durmuşa edýän täsiri baradaky düşünjeleri;
6) edebi tankyt baradaky nazary düşünjeleri bermek maksat edilýär.
Bu ylmy-edebi düşünjeleriň üsti bilen okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýelemek we estetik endikleri kemala getirmek göz öňünde tutulýar.
Edebiýat okuw dersinde mekdep okuwçylaryna:
okuwçylarda edebiýatyň sungatyň bir görnüşi hökmündäki düşünjelerini
kemala getirmek, edebiýatyň kanunlaýyklyklaryna düşünmegi öwretmek;
2) çeper eseri derňemegi öwretmek;
3) dünýä edebiýatyna we dünýäniň edebi akymyna düşünmegi kemala getirmek;
milli edebiýatyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we edebiýatyň bütindünýä
ähmiýetini açyp görkezmek;
edebiýatyň sungatyň beýleki görnüşleri bilen arabaglanyşygynyň häsiýetli
aýratynlyklaryny we ýörelgelerini kesgitlemek bilen, olarda endikdir
başarnyklary kemala getirmek göz öňünde tutulýar.
Слайд 6

Edebiýaty okatmagyň esaslary: a) edebi eserleri okamak; b) eseri öwrenmek; ç)

Edebiýaty okatmagyň esaslary:
a) edebi eserleri okamak;
b) eseri öwrenmek;
ç) edebiýat ylmynyň nazary

esaslaryny özleşdirmek;
d) diliň leksik, frazeologik we stilistik gurluşyna düşünmek ýaly ýörelgelerden ugur alýar.
Edebiýat sapagynda ders boýunça berilmeli bilimler
okuw maksatnamasynyň çäginde:
türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça edebi döwürlere syn bermek;
ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligini öwrenmek;
dürli žanrlardaky edebi eserleri okamak we öwrenmek ýaly wezipeler bellenilýär.
Şoňa laýyklykda mugallym monografik temalary öwrenmek; ýazyjynyň terjimehalyny öwrenmek; ýazyjynyň döredijiligini öwrenmek; çeper eseri derňemek; eseri derňemek we onuň ýörelgeleri; eseri derňemegiň esasy meseleleri; eseri ýat tutmagy öwretmek; öwrenilenleri berkitmek we hasabat; geçilenleri gaýtalamak; okuw kitaplary we olar bilen işlemek ýaly wezipelerden ugur alýar.
Слайд 7

Edebiýat sapagynda estetik endigi kemala getirmek Dil we edebiýat mugallymlary psihologik-pedagogik

Edebiýat sapagynda estetik endigi kemala getirmek
Dil we edebiýat mugallymlary psihologik-pedagogik

ylymlaryň esasynda okuwçylara bilim berip, olaryň estetik endiklerini baýlaşdyrmak babatda iş alyp barýarlar. Olaryň bu asylly maksatlara ýetmek üçin, durmuş bilen aýakdaş gitmäge ýardam edýän usullary, tärleri öwrenmegi we döretmegi tebigy ýagdaýdyr. Bu babatda pedagogika we estetika ylymlarynyň gazananlaryny edebiýat sapagy bilen baglanyşdyryp alyp barmak has-da täsirlidir.
Pedagogika ahlak terbiýesiniň mazmunyny şeýle toparlara bölýär. Olar:
1.Watana,il-güne, taryha, medeniýete söýgi.
2. Halklaryň dostlugy we ynsanlaryň dostlugy.
3. Ynsanperwerlik duýgusy.
4.Zähmetsöýüjilik duýgusy.
Pedagogika şahsyýetiň adamkärçilik we edeplilik sypatlaryny iň gözel terbiýe hökmünde düşündirýär.
Слайд 8

Estetika sungatdaky, tebigatdaky we durmuşdaky gözellik taglymynyň esaslaryny we formalaryny öwrenýän


Estetika sungatdaky, tebigatdaky we durmuşdaky gözellik taglymynyň esaslaryny we

formalaryny öwrenýän filosofik ylymdyr. Ol ahlagyň döreýşini, ynsanyň ahlak garaýyşlaryny, prinsiplerini, ösüş kanunlaryny öwrenýändigi üçin, edebiýat dersine örän ýakyn duran ylymlaryň biridir.
Edebiýat sapagy boýdan-başa “edebiýat”, “sungat”, “estetika”, “gözellik”, “estetik terbiýe” diýen düşünjeler bilen pugta baglanyşyklydyr. Hatda estetika ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň üsti bilen ynsanyň döredijilik älemine degişli meselelerine hem garaýar.
Grek dilindäki “estetika” (aisthetikos) sözi “duýýan”, “syzýan”,” duýgurlyk” diýen manylary aňladýar. Estetika ylym hökmünde ХVIII asyryň ahyrynda ýüze çykýar. Estetika ylmy barada alymlaryň garaýyşlary dürli-dürli.
Слайд 9

Mysal üçin, nemes alymlary A. Baumgarten “estetika” terminine “duýgy dünýäsi baradaky

Mysal üçin, nemes alymlary A. Baumgarten “estetika” terminine “duýgy dünýäsi

baradaky bilim” diýse, I. Kant ”umumy duýgy dünýäsi baradaky düzgünler ylmy” diýip belleýär. Filosof G. B. Gegel bolsa “ estetika sungat baradaky filosofiýadyr ” diýýär.
Şunlukda, estetika ylmynyň öwrenýän gözellik dünýäsi edebiýat dersiniň obýekti bilen ýakynlaşýar. Şol jähetden edebiýat dersinde edebiýat ylmynyň kanunlary bilen birlikde ýazyjy-şahyrlaryň ömri we çeper döredijilik dünýäsi ýörite öwrenilýär. Olar ýaşlaryň dünýä, ylym, döredijilik baradaky bilimlerini artdyrmak bilen, adamalaryň özara gatnaşyklarynyň normalaryny we adamyň tebigatyň öňündäki borjunyň esasy sypatlaryny öwrenmäge hem-de ol bilimleri baýlaşdyrmaga uly mümkinçilik açýar. Bu babatda edebiýat dersiniň hyzmaty bellenilmäge degişlidir.
Edebiýaty okatmagyň ýörelgeleri:
edebi eserleri okamagy;
eseri öwrenmegi;
edebiýat ylmynyň nazary esaslaryny özleşdirmegi;
diliň leksik, frazeologik we stilistik gurluşyny öwretmegi göz öňünde tutýar.
Слайд 10

Edebi eserleri okamak. Başlangyç synplarda çagalara edebi okuwyň düzgünleri barada düşünje

Edebi eserleri okamak.
Başlangyç synplarda çagalara edebi okuwyň düzgünleri barada

düşünje berlip, olar çaganyň dogry, mazmunly sözleýşini kemala getirmäge ýykgyn edilýär. Onda çaganyň sözleýiş endigi okamak we gürrüň bermek bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Bu endigi ele alan çaga eserden özüne geçen estetikany-gözelligi (edeplilik, adamkärçilik) kabul edýär, ýaramaz endigi bolsa saýgarmaga ugur alýar.
Eseri öwrenmek.
Eseri öwrenmek örän giň düşünje. Çünki bu tapgyrda okuwçy:
ýazyjynyň ömrüni, terjimehalyny we monografiýany;
ýazyjy-şahyryň döredijiligini;
çeper eseri derňemegi we onuň ýörelgelerini (taryhy,mazmun bilen forma birligi, pedagogik);
eseri derňemegiň esasy meseleleri (döredilen döwri, temasy we ideýasy,
eseriň gahrymanlary (personaž, peýzaž, zat, simwolik keşpleri), eseriň gurluşy, sýužeti, eseriň dili, žanr aýratynlygy, eseriň ähmiýeti...) bilen tanyşmak bilen, olar baradaky pikirini dilden we ýazuw üsti bilen beýan etmäge ugur alýar.
Слайд 11

Mugallym sapagyň temasyna laýyklykda, eseriň aýratynlyklary (temasy-ideýasy, keşpleri, gurluşy, sýužeti, dili,

Mugallym sapagyň temasyna laýyklykda, eseriň aýratynlyklary (temasy-ideýasy, keşpleri, gurluşy, sýužeti, dili,

ähmiýeti) barada düşündiriş berýän mahaly, öňi bilen, temanyň wajyplygy, onda orta atylýan meseläniň döwür bilen baglanyşygy, ol boýunça awtoryň öňe sürýän pikiriniň gymmaty, keşpleriň aýratynlygy, baş gahrymanyň häsiýetini göz öňüne getirmekde eseriň gurluşynyň, sýužet ýordumynyň kämilligi we olaryň özara çeper baglanyşygy netijesinde tipik gahrymanyň çeper keşbiniň göreýşi, onuň milli gylyk-häsiýeti ýaly birgiden alamatlary ýüze çykarmak arkaly okuwçynyň estetik duýgusyny ösdürmek meselesi iň bir çylşyrymly, ýöne lezzetli işdir. Çünki okuwçy mugallymyň maksatlaýyn işiniň usuly taýdan dogry guralmagy bilen utgaşyp, eserdäki wakalar, gahrymanlar bilen bir hatarda orta atylan meseläniň oňyn netijeler bilen çözülmegine garaşýar, eseriň çeperçiligi, öňe sürýän gözelligi ony durmuşa taýýarlaýar. Şunlukda, eser okyjynyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam etmek bilen, milli pelsepäniň ösmegine, täze gözel düşünjäniň kemala gelmegine ýol açýar.
Слайд 12

Edebiýat ylmynyň nazary esaslaryny özleşdirmekde okuwçylar çeper eserleri düzýän elementlere berilýän

Edebiýat ylmynyň nazary esaslaryny özleşdirmekde okuwçylar çeper eserleri düzýän elementlere berilýän

ylmy taglymat bilen tanyşýarlar. Onuň üsti bilen çeper eseri derňemegiň usullarydyr tärlerini ele alýarlar. Ylmy pikirlenişiň estetik normalaryna göz ýetirýärler.
Diliň leksik, frazeologik we stilistik gurluşyny öwretmek.
Dil materiallary edebi eseriň esasy serişdesi bolmak bilen, awtoryň pikirini beýan etmekdäki, eseriň wakasyny suratlandyrmakdaky, gahrymanyň häsiýetini açyp görkezmekdäki ussatlygy, köp babatda, diliň leksikasynyň, frazeologiýasynyň we çeper serişdeleriň işlediliş derejesine bagly bolýar. Awtoryň eserde leksik birlikleri, frazeologik aňlatmalary dogry ulanmagy okyjynyň sözleýiş endigini ösdürmek bilen, diliň çeperçilik derejesiniň köp taraplydygyny, onuň dürli stilistik gurluşlarda gelip, sinonimik we antonimik hatarlary emele getirip, dürli prosesleri çeper beýan etmekde ähmiýetini görkezmäge, ýaşlarda milli dile bolan söýgini oýarmaga we çeper edebiýata bolan höwesi artdyrmaga we şahsyýet bolup ýetişmäge alyp barýar. Okuwçynyň pikirleniş ukybyny has-da ösdürýär.
Слайд 13

Okuwçylarda estetik endigi ösdürmegiň ýollary Gumanitar derslerde, şol sanda edebiýat dersinde

Okuwçylarda estetik endigi ösdürmegiň ýollary
Gumanitar derslerde, şol sanda edebiýat dersinde

milli estetikany ösdürmek şu günüň derwaýys meselesidir.
Edebiýat sapagynda okuwçylaryň estetik endigini kemala getirmek üçin:
IV-VII synplaryň edebiýat sapaklarynda eserlerden bölekleri, goşgulary labyzly okamak, ýat tutmak we çeper okaýyşlary guramak;
VIII- ХI synplaryň edebiýat sapagynda, sapakdan daşary terbiýeçilik işlerde, gurnakda meşhur eserleriň özboluşly aýratynlyklary barada söhbetdeşlik guramak;
baglanyşykly sözleýşi ösdürmek.
IV -XI synp okuwçylary şu işleri başarmaly:
gahrymanlaryň we wakalaryň baglanyşygyny düşündirmegi;
okalan eseriň gahrymanyny häsiýetlendirmegi;
suratlandyrylýan gahrymanyň keşbiniň ähmiýetini häsiýetlendirmegi;
çeper tekstden täsirli serişdeleriň hyzmatyny düşündirmegi;
okalan eseriň esasy temasyny we ideýasyny kesgitlemegi;
kiçeňräk kyssa eserini yzygiderli gürrüň bermegi;
okalan eseriň gahrymanlarynyň özüni alyp barşyna degişli gürrüň
bermegi;
Слайд 14

200-250 sözli beýannama ýazmagy; nätanyş teksti tiz okamagy (1 minutda 100-110

200-250 sözli beýannama ýazmagy;
nätanyş teksti tiz okamagy (1 minutda 100-110

sözi);
okalan kyssa we drama eserlerindäki gahrymanlary häsiýetlendirmegi, deňeşdirmegi;
okalan eseriň many-mazmunyny, ruhy taýdan gymmatlylygyny düşündirmegi, sahna eserleriniň esasy wakalaryna düşünmegi we ähmiýetli taraplaryny beýan etmegi;
suratlandyrylýan zada awtoryň garaýşyny duýmagy;
okalan esere we eseriň wakalaryny bahalandyrmagy;
özbaşdak okalan eseriň haýsy görnüşe we žanra degişlidigini kesgitläp bilmegi;
eseriň ruhy gymmatlygyny we beýleki aýratynlyklaryny dilden we ýazmaça düşündirmegi;
edebi ýa-da publisistik temalara degişli düzme ýazmagy;
özbaşdak okalan esere syn ýazmagy;
okalan eseriň žanr aýratynlygyna görä labyzly okamagy;
okalan goşgularyň çeperçilik aýratynlygyna baha bermegi;
okalan çeper eseri, onuň aýratyn bir bölegini derňemegi, bahalandyrmagy;
gyzyklandyrýan eserlere syn ýazmagy.
Слайд 15

Слайд 16

Слайд 17

Edebiýatlar 1. Ýazymow O. Edebiýaty okatmak metodikasy, Aşgabat,1993. 2. Ýazymow O.we

Edebiýatlar
1. Ýazymow O. Edebiýaty okatmak metodikasy,
Aşgabat,1993.
2. Ýazymow O.we

başg. Edebiýaty okatmagyň
usulyýeti, Aşgabat,2010.
3. Борев Ю. Эстетика, Москва,1988.